Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod sebitine guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşunynyň Russiýanyň Belgorod sebitine uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy

2136006
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod sebitine guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy

Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň goşunynyň Berýozowka obasynyň golaýyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Wýaçeslaw Gladkow uçarmansyz howa ulaglarynyň hereket ýagdaýynda bolan mikroawtobuslary we awtoulaglary nyşana alandygyny we ulaglaryň içinde bolan adamlaryň aglabasynyň "Agro Belogorýe" kärhanasynyň işgärleridigini habar berdi. 

Kärhananyň metbugat gullugyndan berilen beýanatda, hüjümde 7 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Russiýanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Alekseý Kuznetsow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, hüjümde 3-si çaga 40 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi. 

Russiýanyň Derňew komitedi waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar