NATO Agza Ýurtlaryň Ukrainadaky Çaknyşyklara Goşulmagy Uly Howp

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat Sekretary Dmitriý Peskow NATO agza ýurtlaryň Ukrainadaky çaknyşyklara “gönüden goşulmagynyň uly howp” bolup durýandygyny aýtdy.

2137065
NATO Agza Ýurtlaryň Ukrainadaky Çaknyşyklara Goşulmagy Uly Howp

Peskow paýtagt Moskwada žurnalistleriň soraglaryna cogap berdi.

NATO agza ýurtlaryň goşunlarynyň Ukrainada ornaşdyrymagy üçin gol ýygnalmagy bilen bagly soraga cogap beren Peskow; “Onuň iňňän meçew berici wakadygyny pikir edýäris. Resmi Kiýew şeýle çylşyrymly hereket edýär. NATO agza ýurtlaryň uruş meýdanynda gönüden çaknyşyklara goşulmagy uly howp” diýdi.

Peskow Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň daşary ýurt howpsuzlyk gulluklarynyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň canyna kast etmäge taýýarlanýandygy barada beýanaty hakynda bolsa; “Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugyndan gelip gowuşan maglumatlaryň dogrudygyny aýtmak mümkin däl” diýdi.

Dmitriý Peskow Russiýanyň Ukrainada Demirgazyk Koreýada öndürilen raketa ulanandygy hakyndaky soraga bolsa cogap bermedi.



Degişli Habarlar