Erbilde Taryhy Bazar Ýandy

Kaýseri bazarynda bolan ýangynda 300 dükan ýanyp kül boldy.

2135774
Erbilde Taryhy Bazar Ýandy

Yragyň Erbil şäherinde taryhy Kaýseri bazarynda bolan ýangynda 300 dükan ýanyp kül boldy.

Taryhy bazardaky ýangyn sebäpli berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Ýangynyň dikinçileriň bölüminde başlandygy, 300 dükanyň ýanyp kül bolandygy nygtaldy.

Ýangyn bilen arabaglanşykly derňew işi gozgaldy.

Osmanly döwründe gurlan Kaýseri bazarynyň 200 ýyllyk geçmişi bar.

Bazar Erbiliň in gelim gidimli ýerlerinden biri.

 


Etiketkalar: #bazar , #ýangyn , #Erbil , #Yrak

Degişli Habarlar