ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi

ABŞ-nyň hökümetiniň geçen hepde Ysraýyla beriljek Amerkan önümi ok-däriniň ugradylmagyny bes edendigi habar berildi.

2135639
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi

ABŞ-nyň “Axios” habarlar saýtynyň adynyň tutulmagyny islemedik 2 ysraýylly resmä esaslandyran habaryna görä ABŞ geçen hepde Ysraýyla beriljek ok-däriniň ugradylmagyny togtatdy.

Onuň 7-nji oktýabrda Gaza hüjümleriň başlamagyndan bäri edilen ilkinji başlangyçdygyna üns çekilýän habarda, wakanyň resmi Tel-Awiwde uly alada döredendigi nygtalýar.

Habarda geçen hepde Ysraýyla sapar eden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň arasynda Rafah şäherine guralmagy ähtimal gury ýer hüjümi hakynda “dartgynly duşuşygyň” bolandygy hem ýatladyldy.

ABŞ-nyň Kongresinde Demokrat partiýanyň 88 agzasy Ysraýylyň palestin halkyna ugradylýan ynsanperwer kömeklerini bilkastlaýyn bökdeýändigi hakynda düýpli günäkärlemeleriň bardygyny beýan edip, Ysraýyla berilýän kömegiň seljerilmegi üçin çagyryş edipdi.



Degişli Habarlar