Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy

Filippinleriň Leýte sebitinde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy

2135259
Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi (USGS) ýer titremäniň güýç merkeziniň Balangiga şäheriniň 28 km günorta-günbatarydygyny habar berdi.  

USGS tarapyndan berilen beýanata görä 5,7 bal ululygyndaky ýer titreme ýeriň 7,9 km aşagynda emele geldi. 

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň Facebook hasabyndan berilen beýanatda bolsa ýerli wagt bilen sagat 18:16-da 5,8 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny mälim etdi. 

Beýanatda ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titremeden soň kiçiräk ýer yranmalaryň bolandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar