Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi

Eýran ABŞ bilen Britaniýanyň ýokary derejeli resmilerini öz içine alýan 15 adama we 10 gurama sanksiýa goýdy.

2134642
Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen iki ýazmaça beýannamada sanksiýa sanawyna goşulan adamlaryn we guramalaryň “Ysraýylyň Gaza Sektorundaky terror aksiýalaryna goldaw berip, adam hukuklaryny gödek bozandygy” mälim edildi.

Şol çäkde Britaniýanyň Goranmak ministri Grant Şapps bilen ýokary derejeli 8 iňlis resmisi we Britaniýanyň Harby howa güýçleriniň Kipriň grek böleginde uerleşýän Akrotiri harby bazasyna, İňlis deňiz güýçlerine degişli HMS Diamond atly harby gämisine, “Elbit Sistems”, “Rafael” goranyş ulgamlary bilen “Meggitt” goranyş firmalaryna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edildi.

Ysraýyla ýarag goldawyny berendigi sebäpli “Lokid Martin” we Gündogar Ortaýer deňizinde tebigy gaz çykarylmagy boýunça Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk edendigi üçin ABŞ-nyň energetika firmasy “Çewronyň” başda durmagynda 5 amerikan firmasyna hem sanksiýa goýuldy.

ABŞ-nyň Ýörite operasion güýçleriniň serkerdesi Brýan Fenton, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ozalky ýörite wekili Žason Grinblatt, Demokratiýalara hemaýat gaznasynyň Başlygy Glifford Maý, ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ozalky resmisi Mişel Rubin bilen 7 amerikaly “Gaza Sektorunda Ysraýylyň terror aksiýalaryny goldaýandyklary” sebäpli sanksiýa sanawyna goşuldy.



Degişli Habarlar