ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer

Bu barada ABŞ-nyň Goranmak ministri beýannama berdi.

2128228
ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallanta ýurdunyň goranyşyna berýan goldawynyň dowam etjekdigini beýan etdi.

Pentagondan berilen beýannamada Ostiniň ysraýylly kardeşi Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy nygtalyp; “Eýranyň Ysraýyla 13-nji aprelde guran we ABŞ, Ysraýyl hem-de ýaran güýçleriň bilelikdäki operasiýasy bilen öňi alynan hüjümleriň netijelerini” seljerendigi habar berildi.

Beýannamada Ostiniň telefon söhbetdeşliginde ýurdunyň Ysraýylyň goranyşyna goldawyny we “strategik sebitleýin durnuklylyk maksadyny” nygtandygy bellenilýär.



Degişli Habarlar