Nýu-Ýorkda Ýer Titredi

Nýu-Jersi ştatynyň Lebanon sebitinde 4,8 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

2125567
Nýu-Ýorkda Ýer Titredi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 4,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag gullugy, ýerli wagt bilen 10.20-de Nýu-Ýorkyň 65 kilometr günbatarynda ýerleşýän Nýu-Jersi ştatynyň Lebanon sebitinde 4,8 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Nýu-Ýorkda seýrek gabat gelinýän ýer titremsi beýik binalarda öz täsirini görkezdi.

42 million adamyň ýaşaýan sebitinde ýer titremesi sebäpli adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada heniz hiç hili beýannama berilmedi.



Degişli Habarlar