Moskwadaky tupan sebäpli iki adam ýogaldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki tupan sebäpli 2 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy

2124516
Moskwadaky tupan sebäpli iki adam ýogaldy

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin beren ýazmaça beýanatynda, tupanyň şäherde tapawutly derejelerdäki zyýanlaryň çekilmegine sebäp bolandygyny belläp: "Ähli çäreleri wagtynda gördük. Emma gynansagam 2 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy" diýip mälim etdi. 

Sergeý Sobýanin ýaralanan adamlaryň zerur bolan lukmançylyk kömegini alandygyny habar berdi. 

Russiýanyň sosial media sahypalarynda berilen materiallarda, Moskwada günüň dowamyndä täsirli bolan tupan sebäpli binalaryň penjilereleri gaçdy we agaçlar ýykyldy. 


Etiketkalar: #tupan , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar