Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Taýwanyň gündogar kenaryndaky Hualýan şäherinde başdan geçirilen 7,4 bal ululygyndaky ýer titremede 9 adam ýogaldy

2124381
Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi (USGS) 7,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Taýwanyň gündogar kenaryndaky Hualýan şäheriniň 18 km günortasydygyny habar berdi. 

Ýeriň 34,8 km aşagynda emele gelen ýer titreme sebäpli sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetdi, ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy, 882 adam ýaralandy. 

Taýwanyň Merkezi meteorologiýa edarasy (CWA) 7,2 bal ululygyndadygyny aýdan ýer titremede sebäpli Hualýan şäherinde köp sanda bina zeper ýetendigini we ýumrulandygyny mälim etdi. 

USGS ilkinji ýer titremeden 20 minut soň Hualýan şäheriniň 11 km demirgazyk-gündogarynda ýeriň 12,6 km aşagynda 6,4 bal ululygynda 2-nji gezek ýer titremäniň bolandygyny aýan etdi. 

Hualýan şäheriniň gündogaryndaky Suhua ýolunuň käbir bölümleriniň çökmegi netijesinde ýol dolulygyna ýapyldy, Taoýuan Halkara howa menziliniň üçeginiň hem bir bölegi çökdi. 

Hualýan şäheriniň töweregindäki we adanyň içerki bölegindäki köp sanda ýoluň çökmegi we gaýalaryň gaçmagy sebäpli ýollar ulaglara ýapyldy. 

CWA onuň soňky 25 ýylda Taýwanda bolan iň uly ýer titremedigini belläp, adanyň demirgazyk sebiti üçin sunami duýduryşyny berdi. 

Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi ýurduň günorta-günbataryndaky Okinawa we Miýako adalary üçin beren sunami duýduryşyny aýyrdy. 

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty bolsa sunami howpy sebäpli kenarýaka sebitleriň boşadylmagy barada çagyryş berdi. 

Taýwanda 1999-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda paýtagt Taýpeýiň 150 km günortasynda başdan geçirilen 7,7 bal ululygyndaky ýer titremede takmynan 2 müň 400 adam ýogalypdy, 100 müňden gowrak adam ýaralanypdy, müňlerçe bina ýumrulypdy. 


Etiketkalar: #adam , #ýer titreme , #Taýwan

Degişli Habarlar