Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Pakistanyň demiragzyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 8 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy

2122539
Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň käbir ýerlerinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli öýleriň üçekleriniň çökendigi, sil apatlarynyň emele gelendigi we käbir ýollaryň ýapylandygy mälim edildi. 

Tebigy apatda aglabasy çaga bolan 8 adam ýogaldy. 

Welaýatda sil apatlarynyň bolmagy we öýleriň üçekleriniň çökmegi netijesinde şeýle hem 12 adam ýaralandy, 2 çaga bolsa sil apatynda dereksiz ýitdi. 

Ýogalanlaryň 3-siniň şol bir maşgaladandygy we ýaşlarynyň 3 bilen 7 ýaş aralgynda üýtgeýändigi mälim edildi. 

Resmiler howpsuzlyk çäreleriniň çäginde sebitdäki käbir ýollaryň ýapylandygyny habar berdi. 

Pakistanyň demiragzyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynda 2-nji martda aşa ýagan ýagyşlaryň täsiri bilen käbir öýleriň üçekleriniň çökmegi, käbir öýleriň ýer süýşgünleri sebäpli ýeriň aşagynda galmagy netijesinde 30 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar