Moskwadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 143 adama ýetdi
2121373
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi özüniň internet saýtynda anna güni agşam Moskwadaky konsert zallarynyň birinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sanawyny täzeledi.
Sanawda 143 adamyň ady bar.
Hüjümde şeýle hem 100-den gowrak adam ýaralanypdy.
Ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putin hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde jemi 11 adamyň tussag edilendigini habar beripdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Andreýewka obasynyň gözegçiligini ele geçirdi
Russiýanyň goşuny Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Andreýewka obasyny basyp aldy