“Moskwada Guralan Hüjümiň Ukraina Bilen Baglaşdyrylmagy Ýalňyş”

Kuleba, Russiýanyň Ukrainany garalamak üçin elinden geleni edýändigini öňe sürdi.

2121292
“Moskwada Guralan Hüjümiň Ukraina Bilen Baglaşdyrylmagy Ýalňyş”

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýanyň paýtagty Moskwada 22-nji martda konsert zalyna ýaragly adamlar tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümiň Ukraina bilen baglaşdyrylmagynyň ýalňyşdygyny aýtdy.

Dmitro Kuleba, Polşanyň paýtagty Warşwada geçirlen maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Habarçylaryň soraglaryna jogap beren Kuleba, rus ýolbaşçylaryň Moskwadaky terrorçylykly hüjümi Ukraina bilen baglaşdyrmagy hakyndaky soraga “ýalňyş we manysyz” diýip jogap berdi.

Kuleba, Russiýanyň Ukrainany garalamak üçin elinden geleni edýändigini öňe sürdi.

Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde 140 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar