Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 140 adama ýetdi
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 140 adama ýetdi
Russiýanyň Goranmak ministrligi Mihail Muraşko 22-nji martda "Krokus Siti Holl" konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli ýaralanan adamlaryň bejergileriniň dowam edýändigini habar berdi.
Bejergi alýan adamlaryň ýene-de biriniň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sanynyň 140 adama ýetendigini aýdan Mihail Muraşko, 19-synyň saglyk ýagdaýy agyr 80 adamyň bejergisiniň bolsa dowam edýändigini mälim etdi.
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki "Krokus Siti Holl" konsert zalynda 22-nji mart güni agşam terrorçylykly hüjüm guralypdy.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde jemi 11 adamyň tussag edilendigini habar beripdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Andreýewka obasynyň gözegçiligini ele geçirdi
Russiýanyň goşuny Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Andreýewka obasyny basyp aldy