Ukrain Sabbotažçylary Russiýa Geçmäge Synanşdylar

Russiýanyň Kursk we Belgorad oblastlaryna ukrain sabbotaž toparlary geçmäge synanşdy.

2115553
Ukrain Sabbotažçylary Russiýa Geçmäge Synanşdylar

Russiýanyň Milli goragçylarynyň metbugat gullugyndan berilen beýannamada sabbotaž toparynyň Kursk oblastynyň Tetkino etrapçasynyň golaýyndaky hüjüminiň yza serpikdirilendigi mälim edildi.

Beýannamada Rosgwardiýanyň toparynyň Russiýanyň ýaragly güýçleri we Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy bilen bilelikde operasiýa geçirýändigi habar berildi.

Kursk oblastynyň gubernatory Roman Starowoýt sosial mediadan beren habarnamasynda Ukrainanyň sabbotaž we barlag toparynyň Tetkino etrapçasyndaky hüjümleriniň rus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasynda hem Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Belgorod oblasynda spodarýuşino etrapçasyna hüjümiň öňüniň alynandygy habar berildi.

Beýannamada; “Howa hüjümleriniň we artilleriýa hüjümleriniň netijesinde 195 harby gullukçy, 5 tank, 4 sowutly ulag, 3 sany “UR-77” kysymly mina saplaýyjy ýarag we 3 sany harby iş maşyny täsirsiz ýagdaýa getirildi diýilýär.



Degişli Habarlar