Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Indoneziýanyň Sumatra adasyna ýarmaz täsir ýetiren sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 21 adama ýetdi
Milli Apat dolanşygy agentliginiň metbugat geňeşçisi Doni Ýusrizal tebigy apatda ýogalanlaryň sanynyň 21 adama ýetendigini, 7 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini mälim etdi.
Doni Ýusrizal: "Gözleg we halas ediş işleri, elektrik toklaryň kesilmegi we ýollaryň ýapylmagy sebäpli togtady" diýip habar berdi.
Agentlik mundan başgada sebitde takmynan 80 müň adamyň gaçybatalgalara ýerleşdirilendigini beýan etdi.
Düýn Sumatra adasynda bolan sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adamyň ýogalandygy, 10 adamyň hem ýaralanandygy habar berilipdi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.