Eýranda Tebigy Gaz Ulgamyna Edilen Hüjüm Ysraýyl Tarapyndan Guraldy

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji 14-nji fewralda tebigy gaz ulgamyna edilen hüjümleriň Ysraýyl tarapyndan guralandygyny aýtdy.

2105367
Eýranda Tebigy Gaz Ulgamyna Edilen Hüjüm Ysraýyl Tarapyndan Guraldy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Nebit ministri Jawad Owji paýtagt Tähranda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda “Ýurdunyň tebigy gaz geçirijilerinin partladylmagy Ysraýylyň meýilnamasydy, degişli çäreler bilen puja çykaryldy” diýdi.

Hüjümden soň ýurtda hiç hili tebigy gaz ýetmezçiliginiň bolmandygyny beýan eden Owji, esasan dağlyk we barylmasy kyn sebitlerden geçýän tebigy gaz geçirijilerinin gysga möhletde abatlanyp, ulanmaga berilendigini aýtdy.

14-nji fewralda Eýranyň Çaharmahal-Bahtiýari we Pars welaýatlarynda tebigy geçirijileriniň iki nokadynda säher çagy güýçli partlamalar bolupdy.

Amerikanyň “Nýu-Ýork Taýms” gazeti 16-njy fewralda günbatarly resmilere we Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşuny bilen arabaglanşykly harby bilermene esaslandyran habarynda, sabbotažyň Eýrandaky käbir sebitlere gaz akymyny böldemek maksady bilen Ysraýyl tarapyndan guralandygyny ýazypdy.



Degişli Habarlar