Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Gazadaky stadionda palestinalylary ýarym ýalaňaçlap paş etdi

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 81 gün bäri bombalaýan Gaza zolagyndaky stadionlaryň birinde aralarynda çagalar we garrylar bolan palestinalylary ýarym ýalaňaçlap paş etdi

2080834
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Gazadaky stadionda palestinalylary ýarym ýalaňaçlap paş etdi

Ysraýyl zenan ýa-da çaga tapawut goýmadan Gazada gyrgynçylyk etmäge dowam edýär, diri galan gazalylara garşy her dürli adamkärçiliksiz hereketleri edýär.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan göz tussaglygyna alynan, aralarynda çagalar hem bolan palestinalylara garşy edýän adamkärçiliksiz hereketleri, ýene-de bir gezek Ysraýylyň haýsydyr bir halkara hukugyny ykrar etmezden adam hukuklaryny nädip aýak astyna alýandygyny ýüze çykardy. 

Palestinanyň metbugatynda görkezilen materiallarda, ýaşaýan ýerlerinden zor bilen göçürilen köp sanda asuda palestinalynyň ysraýylly esgerler tarapyndan saklanandygyny we Gazadaky stadionlaryň birinde ýarym ýalaňaç ýagdaýda üýşürendigini görüp bolýar. 

Materialda palestinalylaryň birine degişlidigi göz ýetirilen we ýorgana saralan bir bäbegiň ýaragly ysraýylly esgeriň gujagyndadygyny görüp bolýar. 

Ysraýylyň goşuny ozal hem ýarym ýalaňaç, elleri we gözleri daňylan görnüşde göz tussaglygyna alan palestinalylaryň wideosyny paýlaşypdy, ol adamkärçiliksiz materiallara ozal hem berk reaksiýa bildirilipdi. 



Degişli Habarlar