ABŞ, Kataib Hizbullaha Degişli Ýerleri Nyşana Aldy

Kataib Hizbullah guramasynyň Yrakdaky Amerikan harby merkezlere guran hüjüminde amerikaly 3 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

2080729
ABŞ, Kataib Hizbullaha Degişli Ýerleri Nyşana Aldy

ABŞ, Yrakdaky harby merkezlerine hüjüm eden Kataib Hizbullah guramasyna degişli ýerleri nyşana alandygyny habar berdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Eýran tarapyndan goldanýan Kataib Hizbullah guramasynyň Yrakdaky Amerikan harby merkezlerine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde amerikaly 3 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň görkezmesinden soň Amerikan goşunynyň Yrakda Kataib Hizbullah guramasyna degişli 3 desgany nyşana alandygy ýatladyldy.

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e garşy hyzmtdaş güýçleriniň Erbildäki harby baza düýn uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminden soň howa menzili ýapylypdy.

 


Etiketkalar: #Yrak , #nyşana almak , #ABŞ

Degişli Habarlar