BioNTech, Afrikadaky ilkinji Fabrigini Ruandada Açdy

Desdada ýylda 50 million doza golaý sanjym öndürler.

2078481
BioNTech, Afrikadaky ilkinji Fabrigini Ruandada Açdy

Nemes biotehnalogiýa firmasy BioNTech, Afrikada sanjym öndürjek ilkinji fabrigini Ruadanyň paýtagty Kigalide açdy.

Gurluşygyna 2022-nji ýylda başlanan “BioNTainer” atly konteýnerlerden ybarat bolan fabrikde Afrika ýurtlary üçin sanjym öndürler.

Fabrigiň açylyş dabarasyna Ruandanyň Prezidenti Paul Kagame, BioNTech firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Prof. Dr. Ugur Şahyn hem gatnaşdy.

Ugur Şahyn açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Afrikada mRNA sanjym ekoulgamyny gurmak isleýändiklerini belledi.

Prezident Kagame bolsa önümçilik desgasynyň Afrika ýurtlarynyň sanjyma elýeterliligi taýdan öwrülşik nokady bolandygyny aýtdy.

2025-nji ýylda doly mümkinçilikde işlemäge başlajak desdada ýylda 50 million doza golaý sanjym öndürler.



Degişli Habarlar