Russiýa Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda baglaşylan ot açmazlyk ylalaşygy barada beýanat berdi
Russiýa Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara ynsanperwer arakesmäni berjek ylalaşygyň durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara ynsanperwer arakesme berilmegi üçin baglaşylan ylalaşygyň üstünde durup geçip: "Bu ylalaşyga oňyn garaýarys. Bu Gazada ýaşaýanlaryň zerurlyklary üçin azyk, ýangyç we derman üpjünçiligini artdyrar" diýip habar berdi.
Ady agzalan ylalaşygyň Kataryň we Müsüriň Hamasyň ýolbaşçylary bilen alyp baran araçylyk gepleşikleriniň saýasynda mümkin bolandygyna ünsleri çeken Zaharowa: "Bu ylalaşygyň ähli taraplar tarapyndan berk ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigini, ynsanperwer meseleleriň gyssagly ýagdaýda çözüwi bilen bagly gepleşiklere goşant goşjakdygyny we dartgynlygyň azalmagy üçin möhüm bir ädim boljakdygyny umyt edýäris" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady
Ysraýylyň we Siriýanyň hökümeti tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.