Eýranyň dini lideri Hamaneý, Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Duşuşdy

"Ysraýylyň hüjümlerine garşy musulman ýurtlar we halkara jemgyýetçiliginiň Gazanyň halkyna güýçli goldaw bermeli"

2060691
Eýranyň dini lideri Hamaneý, Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Duşuşdy

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, Ysraýylyň hüjümlerine garşy musulman ýurtlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň Gazanyň halkyna güýçli goldaw bermelidigini nygtady.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Hamaneý, paýtagt Tähranda Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Heniýýeden Ysraýylyň hüjümleri we Gazadaky ýagdaý hakynda maglumat alan Hamaneý, musulman ýurtlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň Gazanyň halkyna güýçli goldaw bermelidigini nygtady.

Gazanyň halkynyň Ysraýylyň hüjümlerine garşy alyp barýan tutumy barada öwgüli sözler aýdan Hamaneý, esasan musulman ýurtlaryň Gaza ähli taraplaýyn goldaw bermelidigini belledi.



Degişli Habarlar