Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär

Liwiýada sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 6 müň adamdan geçdi.

2037704
Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär

Liwiýanyň gündogaryndaky Wekiller Mejlisiniň İçeri işler ministrligine tabynlykdaky Adatdan daşary ýagdaýda dolanşygynyň metbugat sekretary Welid el Urfi, daşary ýurtlardan gelen gözleg we halas ediş toparlarynyň alyp barýan işleri barada öwgüli sözler aýtdy.

Urfi, Türkiýeden gelen gözleg we halas ediş toparynyň düýn agşam Derne şäherinde bir maşagalany halas edendigini aýtdy.

Urfi, türk toparynyň maşgala agzalaryny harabalygyň aşagyndan sag aman çykarandygyny ýatlatdy.

Liwiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, gözleg we halas ediş toparlarynyň sil apatyndan 96 sagat soň iki adamy halas edendigini mälim etdi.

Derne şäherinde apatdan 96 sagat soň liwiýaly halas ediş toparlarynyň 26 ýaşyndaky Nebir mansur Süleýman bilen 34 ýaşyndaky Ramazan al Feýturini habaralygyň aşagyndan sag aman çykardy.

Halas edilenleriň saglyk ýagdaýynyn gowydygy we şäherde gurlan göçme hassahanada bejergi astyna alynandygy bellenildi.

Liwiýanyň Milli jebislik hökümeti sil apatynda 6 müň adamyň ýogalandygyny, müňlerçe adamyň hem ýitendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar