Gabonyň wagtlaýyn hökümediniň Premýer ministri Sima boldy

Gabonda 30-njy awgustda häkimiýetiň başyna geçen harby hökümet, ykdysadyýetçi Raýmond Ndong Simany Premýer ministr hökmünde belledi

2034705
Gabonyň wagtlaýyn hökümediniň Premýer ministri Sima boldy

Harby hökümet tarapyndan berilen beýanatda, wzipesinden uzaklaşdyrylan Prezident Ali Bongo garşy bolan Raýmond Ndong Sima wagtlaýyn hökümediň Premýer ministri hökmünde bellenendigi habar berildi. 

Sima 2012-2014-nji ýyllar aralygynda Ali Bongonyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň düzüminde Premýer ministr wezipesini ýerine ýetiripdi, emma Bongo bilen başyndan geçiren düşünişmezçilik sebäpli wezipesinden çetleşdirilipdi. 

Ozal bolsa Ykdysadyýet bilen Oba hojalyk we maldarçylyk ministri wezipelerinde işlän 68 ýaşyndaky Sima, 26-njy awgustda geçirilen Prezident saýlawynda Bongo garşy dalaşgärligini orta atypdy, emma oppozisioner Alberto Ondo Ossanyň seslerini bölmezlik üçin dalaşgärlikden çekilipdi. 



Degişli Habarlar