Ganada düzüminde ýolagçylar bolan gämi batdy

Ganada gäminiň batmagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 50 adam dereksiz ýitdi

1992620
Ganada düzüminde ýolagçylar bolan gämi batdy

Gana döwletiniň Bono East welaýatynda aşa ýük alan gäminiň batmagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 50 adam dereksiz ýitdi. 

Gananyň Milli apat we dolanşyk guramaçylygynyň (NADMO) Bole sebitiniň direktory Kipo Sulemana Bono East welaýatynyň Blak Wolta derýasynda ýolagçylary we ýük daşaýan gäminiň derýadaky agajyň töňňesini süsüp batandygyny habar berdi. 

Sulemana 1 adamyň jesediniň tapylandygyny, 2 adamyň halas edilendigini, 50 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini mälim etdi. 

Wakanyň bolan ýerine baryp bilmändiklerini aýdan Sulemana, NADMO-nyň dereksiz adamlary tapmak üçin ýerli halkdan kömek sorandyklaryny aýan etdi. 


Etiketkalar: #derýa , #ýük , #ýolagçy , #gämi , #Gana

Degişli Habarlar