Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady

“Howa goranyş ulgamlarymyz duşmanyň raketalarynyň käbirini urup düşürdi, hüjüm sebäpli käbir ýerlere zeper ýetirildi”

1992309
Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady

Ysraýylyň, Siriýanyň paýtagty Damaksdaky käbir harby merkezlere howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi.

Siriýanyň “SANA” habarlar gullugynyň berýän habarynda, ýerli wagt bilen 23.45-de Damaskyň golaýdaky käbir harby merkezlere, Ysraýyl tarapyndan howa hüjüminiň guralandygy öňe sürüldi.

Habarda, “Howa goranyş ulgamlarymyz duşmanyň raketalarynyň käbirini urup düşürdi, hüjüm sebäpli käbir ýerlere zeper ýetirildi” diýildi.

Ysraýyl tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Damaskda we käbir etrapçalarda Siriýanyň harby goşuny we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar bilen birlikde Liwanly Hizbullah iş alyp barýar.

Ysraýyl, içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Siriýada wagtal-wagtal Eýan tarapyndan goldanýan toparlar bilen Siriýanyň harby goşunyna degişli harby merkezlere hüjüm guraýar.

 

 

 



Degişli Habarlar