“F-16-lar Türkiýe we NATO Üçin Diýseň Möhüm”

Blinken, Türkiýäniň F-16 harby uçarlarynyň NATO üçin hem möhümdigini aýtdy

1964354
“F-16-lar Türkiýe we NATO Üçin Diýseň Möhüm”

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýäniň F-16 harby uçarlaryny satyn almagynyň we bar bolan uçarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň NATO üçin hem möhümdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň Daşarky gatnaşyklar komitetinde çykyş eden Blinken, F-16 uçarlarynyň Türkiýä satylmagy we Baýdeniň ýolbşaçylygyndaky hökümetiň Türkiýäniň şol F-16-lary “ABŞ-nyň ýaranlaryna we hyzmatdaşlaryna garşy ulanmazlygy üçin edýän tagallalar” hakyndaky soraga jogap berdi.

Blinken “Türkiýäniň F16 harby uçarlaryny satyn almalydygyna we bar bolan F-16 uçarlaryny döwrebaplaşdyrmalydygyna ynanýarys. F-16 bukjasynyň Türkiýe bilen birlikde NATO üçin diýseň möhümdigi barada pikir edýäris” diýip jogap berdi.


Etiketkalar: #NATO , #F-16 , #Entoni Blinken

Degişli Habarlar