Eýranda Bolan Ýer Titremsinde 82 Adam Ýaralandy

"Ýer titremesi zerarly Hoý we Selman şäherlerinde 82 adam ýaralandy”

1964605
Eýranda Bolan Ýer Titremsinde 82 Adam Ýaralandy

 

Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde bolan ýer titremesinde 82 adam ýaralandy.

Welaýat häkimliginden berlen bheýannama görä, Hoý şäherinde bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremesi zerarly Hoý we Selman şäherlerinde birnäçe bina zeper ýetirildi.

Beýannamada, “Ýer titremesi zerarly Hoý we Selman şäherlerinde 82 adam ýaralandy” diýildi.

Şu gün ir ertir bolan ýer titremesi Türkiýäniň Hakkari we Wan welaýatlarynda hem duýuldy.

Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Hoý şäherinde 28-nji ýanwarda bolan 5,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 3 adam ýogalypdy, 1167 adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar