Kolima şäheri dünýäniň iň jenaýatçylykly şäheri

Meksikanyň Kolima şäheri 2022-nji ýylda her 100 müň adama 181,94 jenaýat bilen dünýäde iň köp jenaýat edilen şäher hökmünde hasaba alyndy

1949333
Kolima şäheri dünýäniň iň jenaýatçylykly şäheri

Döwlet howpsuzlygy we Jenaýat hukugy Halk geňeşi tarapyndan çap edilen habarnamada, dünýäde iň köp jenaýat edilen 50 şäheriň sanawy aýan edildi. 

Ilaty 300 müň adamdan geçýän we jenaýat görkezijileri iň ýokary bolan dünýädäki 50 şäheriň sanawa goşulan habarnamada, sanawa Meksikadan 17 şäher giren bolsa, iň ýokary jenaýat görkezijilerine eýe bolan 10 şäheriň 9-sy hem şol ýurtdan boldy. 

Meksikanyň Kolima şäheri 2022-nji ýylda her 100 müň adama 181,94 jenaýat bilen dünýäde iň köp jenaýat edilen şäher hökmünde sanawda ilkinji orunda durýar. 

Jenaýatlara garşy çäre gören ýurtlarda özgermeler hasaba alynandygy aýdylýan habarnamada, geçmişde iň köp jenaýat bolan ýurtlaryň sanawyndaky Salwadoryň we Gwatemalanyň gören täsirli çäreleri bilen jenaýat görkezijilerini peseldendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #Kolima , #sanaw , #jenaýat , #Meksika

Degişli Habarlar