Russiýanyň Ukraina Guran Hüjümlerinde 11 Adam Ýogaldy

Rus goşunlarynyň Ukraina raketaly we uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümlerinde 11 adamyň ýogalandygy habar berildi.

1938472
Russiýanyň Ukraina Guran Hüjümlerinde 11 Adam Ýogaldy

Ukrainanyň Döwlet Adalatdan daşary ýagdaýlar gullugyndan berilen ýazmaça beýannamada rus güýçleriniň 26-njy ýanwarda Ukraina harby uçarlardan atylan raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurandygy habar berildi.

Beýannamada hüjümlerde 11 adamy ýogalandygy, 11 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Beýannamada 35 bina zeper ýetendigi, esasan Kiýewdäki infrastrukturanyň ýitgi çekendigi eýan edilýär.

Ukrainanyň Baş ştabynyň Başlygy Waleriý Zalužnyý bolsa Russiýanyň 26-njy ýanwarda ýurduna 55 raketa atandygyny, şolardan 20 sanysynyň patýatagt Kiýewe, 47 sanysynyň ýok edilendigini aýtdy.

Rus goşunlaryna degişli 24 uçarmansyz howa ulagynyň Ukrainanyň Harby howa güýçleri tarapyndan hatardan çykarylandygy habar berildi.



Degişli Habarlar