Peskow Günbatar ýurtlaryň Ukraina bermegi meýilleşdirýän ýaraglar barada beýannama berdi

Russiýa ABŞ-nyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň Ukrainany taňk bilen birlikde ýaraglar bilen üpjün etmek meýilnamalaryny çaknyşyga gönüden goşulmak hökmünde häsýetlendirdi

1938300
Peskow Günbatar ýurtlaryň Ukraina bermegi meýilleşdirýän ýaraglar barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ABŞ we Germaniýa bilen birlikde käbir Günbatar döwletleriniň Ukraina taňk ugratmak baradaky kararlarynyň üstünde durup geçdi. 

Günbatar döwletleriniň ady agzalan ýarag üpjünçilikleri bilen bagly beýannamalaryna goşulmaýandyklaryny aýdan Dmitriý Peskow: "Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryndan we Waşingtondan Ukraina taňklar bilen birlikde beýleki ýarag ulgamlarynyň ugratmagynyň, hiç bir ýagdaýda şol ýurtlaryň ýa-da alýansyň (NATO) Ukrainadaky çaknyşyga goşulmak manysyny bermeýändigi barada eýýäm ençeme gezek beýannamalar berildi. Biz şol beýannamalara goşulmaýarys" diýip habar berdi. 

Ady agzalan ýarag üpjünçilikleriniň, çaknyşyga gönüden goşulmak manysyna gelýändigini aýdan Dmitriý Peskow: "Alýans (NATO) we ady agzalan ýurtlaryň edýän ähli hereketlerini çaknyşyga gönüden goşulmak hökmünde häsýetlendirýäris. Onuň hem artýandygyny görýäris" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukraina 31 Abrams taňkynyň beriljekdigini habar beripdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, ýurdunyň Ukraina berýän ýarag kömegini has hem güýçlendirjekdiklerini we Leopard 2 taňklaryny bermek barada karara gelendiklerini aýan etdi. 

Ýewropaly käbir ýurtlar hem ellerindäki Leopard 2 taňklaryny Ukraina bermäge taýardyklaryny beýan edipdiler. 



Degişli Habarlar