Italiýa Ukraina ýarag kömegini berer

Italiýanyň hökümeti Ukraina 2023-nji ýylda ýarag, esbap we harby enjam bilen üpjün etmegi öz düzüminde jemleýän kararnamany tassyklady

1913725
Italiýa Ukraina ýarag kömegini berer

Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni düýn agşam Rimde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, häzirki wagtda Ukraina ugradylýan we täze ýylda möhledi doljak kararnamany maslahatlaşdy. 

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň, Premýer ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Premýer ministr Jorjiýa Meloni Daşary işler ministri Antonio Tažani we Goranmak ministri Guido Krosettonyň teklibine laýyklykda Ministrler kabinetiniň Ukraina ýarag ugratmagyny 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak bilen bagly gyssagly düzgünleri öz içine alýan kanun hökmündäki kararnamany tassyklandygy habar berildi. 

Parlamentiň tassyklamagy gerek bolan 6-njy kararnama bilen Italiýanyň hökümeti, öňümizdäki ýylyň dowamynda her bir üpjünçilik üçin parlamentiň tassyklamagyna mätäç bolmazdan Kiýewe ýarag ugradyp biler. 

Italiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, soň kararnama bilen Ukraina gysga aralykly gury ýerden howa raketa ulgamynyň ugradylmagy göz öňünde tutulýar. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Italiýa

Degişli Habarlar