Ilon Mask Dünýäniň Iň Baý Adamy

Ilon Mask, geçen ýyla görä baýlygyny 60 milliard dollardan gowrak artdyryp şu ýyl ilkinji gezek sanawda birinji orny eýeledi.

1885680
Ilon Mask Dünýäniň Iň Baý Adamy

Tehnalogiýa firmalary Tesla we SpaceX-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ilon Mask, Forbesiň 400 sanawynda dünýäniň iň baý adamy hökmünde birinji orny eýeledi.

Amerikaly işewürleriň žurnaly Forbes tarapyndan şu ýyl 41-njisi taýarlanan ABŞ-nyň iň baý 400 işewür adamy sanawyna görä, Ilon Mask, geçen ýyla görä baýlygyny 60 milliard dollardan gowrak artdyryp şu ýyl ilkinji gezek sanawda birinji orny eýeledi.

4 ýyl yzly yzyna birinji orny eýelän Amazonyň ozalky ýokary derejeli ýolbaşçysy Jef Bezos bolsa dünýäniň iň baý 400 adamynyň sanawynda ikinji orny eýeledi.

Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Microsoftuň esaslandyryjysy we işewür adamy Bill Geýts sanawda üçünji orny eýeledi.

Geçen ýyl sanawda üçünji orny eýelän Faceboogyň esaslandyryjysy Mark Sukerber bolsa sanawynda şu ýyl onbirinji orny eýeledi.


Etiketkalar: #iň baý , #sanaw , #Ilon Mask

Degişli Habarlar