Russiýa ABŞ-nyň 25 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy
Russiýa aralarynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň aýaly we gyzy hem bolan ABŞ-nyň 25 raýatyny sanksiýa sanawyna almak barada karar kabul etdi
1849348
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ABŞ-nyň rus syýasy hünärmenlerine we şahsyýetlere garşy girizýän sanksiýasyny dowamly häsýetde giňeldýändigi mälim edildi.
Şoňa jogap hökmünde ABŞ-nyň 25 raýatyna Russiýa girmek gadagançylygynyň girizilendigi bellenen beýanatda, ady geçen adamlaryň sanawyny çap etdi.
Sanawda Russiýa garşy sanksiýalar bilen baglanşykly teklipleri berýän "McFaul-Yermak" atly toparyň agzalary, senatorlar we uniwersitediň işgärleri bar.
Ady agzalan sanksiýa sanawynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýden we gyzy Eşli Baýden hem bar.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.