3 Rus Gämisi Dardanel Bogazyndan Geçdi

Rus deňiz flotunyň 3 gämisi Dardanel bogazyndan geçdi

1775350
3 Rus Gämisi Dardanel Bogazyndan Geçdi

Egeý deňizi tarapyndan bogaza giren Russiýanyň Gara deňiz flotunyň gämilerinden boýy 112 metre barabar 127 belgili “Minsk”, uzynlygy 120 metr bolan 102 belgili “Kaliningrad” we 112 metr uzynlygyndaky 130 belgili “Korolew” gämileri birnäçe wagt soň Çanakgalanyň ýalpaklaryna gelip ýetdi.

Mermer deňizi tarapyna ýüzmäge dowam eden gämilere boğazdan geçýärkä Kenarýaka howpsuzlygy serkerdeliginiň topary ýoldaşlyk etdi.

Gämileriň barjak porty hakyndan maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar