PKK Sinjar etrabynyň merkezinden çykaryldy

Bagdat bilen Erbiliň arasynda oktýabr aýynda terror guramasy PKK-nyň sebitden çykarylmagyny göz öňünde tutýan ylalaşyk baglaşylypdy

1537775
PKK Sinjar etrabynyň merkezinden çykaryldy

Ekstremist terror guramasy PKK, Yragyň Mosul welaýatynyň Sinjar etrabynyň merkezinden çykaryldy. 

Merkezi hökümete degişli Federal güýçler, döwlet edaralaryna degişli binalara ýerleşmäge başlady. 

Düýn irdenden başlap ýerleşmäge başlan Federal güýçler, günortandan soň bolsa dolulygyna resmi edaralara ýerleşdi. 

Resmi Bagdadyň etrap merkeziniň we töwereginiň ähli toparlardan saplanmagyndan soň resmi beýanat bermegine garaşylýar. 

Sinjaryň ozalky ýaşaýjylarynyň öz öýlerine gaýdyp gelmekleri bilen bagly taýarlyklar bolsa dowam edýär. 

Bagdat bilen Erbiliň arasynda oktýabr aýynda terror guramasy PKK-nyň sebitden çykarylmagyny göz öňünde tutýan ylalaşyk baglaşylypdy. Ylalaşyga laýyklykda, sebitdäki ähli bikanun toparlaryň etraby terk etmegi gerek. 


Etiketkalar: #Sinjar , #Erbil , #Bagdat , #PKK

Degişli Habarlar