Koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 300 müň adamdan geçdi

Mawritaniýada koronawirus gözegçilik astyna alyndy

1400899
Koronawirus  ýokaşanlaryň sany 2 million 300 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 160 müň, wirus ýokaşanlaryň sany 2 million 300 müň, sagalanlaryň sany bolsa 600 müň adamdan geçdi.

Azerbaýjanda koronawirus sebäpli 18 adam ýogaldy, 1373 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda 24-nji martda yglan edilen karantinanyň möhledi 4-nji maýa çenli uzadyldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, koronawirusa garşy göreşiň çäginde halkara jemgyýetçiligine lukmançylyk enjamlary kömeginiň berilmegi üçin çagyryş berdi.

Afrikada ýerleşýän Mawritaniýada koronawirus gözegçilik astyna alyndy. Ýurtdaky soňky 2 keselliniň hem sagalandygy habar berildi. Ýurtda jemi 7 adam koronawirus sebäpli hasaba alnypdy.

 

 



Degişli Habarlar