Eýranyň Wise-prezidenti Hazar Ykdysady forumda çykyş etdi

Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri Ormuz bogazynyň howpsyzlygynyň Tähran üçin soňky çyzykdygyny belledi

1251747
Eýranyň Wise-prezidenti Hazar Ykdysady forumda çykyş etdi

Eýranyň Döwlet mediasyna görä Jihangiri, Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän I Hazar Ykdysady forumda eden çykyşynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky barlygynyň öjükdirijidigini aýdan Jihangiri, resmi Waşingtony sebitde durnuksyzlygy we howply ýagdaýy ýaýbaňladyrmak bilen günäkärledi.  

Jihangiri: “Halkara suw giňişligiň, demirgazyk-günorta kenarlaryň we Ormuz bogazynyň howpsyzlygy Eýranyň soňky çyzygydyr. Pars aýlagyndaky daşary ýurtly harby güýçler, durnuksyzlygy we dartgynlygy artdyryjy faktordyr” diýip belledi.

ABŞ-nyň embargolara we howplara ýüz tutýan birtaraplaýyn syýasatynyň sebitiň durnuklylygyna we howpsyzlygyna wehim salýandygyny aýdan Jihangiri, bu ýagdaýyň halkara arenada uly meselä öwrülendigine ünsleri çekdi.

Ishak Jihagiri: “Sebitiň howpsyzlygy diňe sebitiň ýurtlary tarapyndan üpjün edilip biliner” diýip nygtady.



Degişli Habarlar