Eýrandan Ysraýyla duýduryş...

Eýranyň Goranmak ministri Emir Hatemi, ABŞ-nyň Pars aýlagynda emele getirmek isleýän koalisiýa Ysraýylyň hem goşulmagynyň sebit üçin pajyga bilen netijelenip biljekdigini habar berdi

1250522
Eýrandan Ysraýyla duýduryş...

Eýranyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä Hatemi, Kuweýdiň, Kataryň we Omanyň Goranmak ministrleri bilen geçiren wideo arkaly söhbetdeşliginde, ABŞ-nyň Pars aýlagynda we onuň golaýynda howpsyzlygy üpjün etmek üçin döretmäge synanyşýan koalisiýanyň sebitde howpy artdyrjakdygyny habar berdi.

Hatemi, ABŞ-nyň sebitdäki howpsyzlygyň gözbaşydygyny belläp: “ABŞ-nyň howpsyzlygy üpjün etmek bahanasy bilen emele getirmek isleýän harby koalisiýa sebitde howpyň has hem artmagyna sebäp bolar” diýdi.

Ysraýylyň ABŞ tarapyndan döredilmek islenýän koalisiýanyň düzümine goşuljakdygy bilen bagly habarlaryň hem üstünde durup geçen Hatemi: “Bular ýaly hereket öjükdirijidir we sebit üçin pajyga bilen netijelenip biler” diýip nygtady.

ABŞ-nyň hökümetiniň Pars aýlagynda howpsyzlygy üpjün etmek üçin halkara koalisiýa döretmek baradaky teklibe Britaniýadan daşary ähli Ýewropa ýurtlary otrisatel jogap berdi.

Soňky gezek bolsa Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýisrael Katz, Tel-Awiwiň hökümetiniň ABŞ-nyň Pars aýlagynda döretmek isleýän halkara koalisiýanyň düzümine goşulandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Pars aýlagy , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar