Eýranda müňlerçe bäbek ýeterlik derejede iýmitlenmeýär

Eýranyň günortasyndaky Sistan-Belujistan welaýatynda täze dogulan müňlerçe bäbek ýeterlik derejede iýimitlenmeýär

1077131
Eýranda müňlerçe bäbek ýeterlik derejede iýmitlenmeýär

Sistan-Belujistan Ymam ýardam komitediniň başlygy Musa Abten, saglygy goraýyşda ýurdyň iň erbet mümkinçiliklerine eýe bolan welaýatda müňlerçe bäbegiň ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigini we şonuň bilen bagly meseleler bilen ýüz-ýüzediklerini mälim etdi.

Eýranly Talyplar habarlar agentiliginiň berýän habaryna görä Musa Abten: “Sebitdäki garyplyk we maşgalalaryň pes girdeji almaklary sebäpli zenanlaryň ýeterlik derejede iýmitlenmezlikleri bäbäklere ýaramaz täsir ýetirýär. Dogulanlaryndan soň hem bu ýagdaýyň dowam etmegi bolsa bäbekleriň kadaly ýagdaýda ösmegine zeper ýitirýär” diýdi.

Azyk ýetmezçiligi sebäpli bäbeklere ilkinji 6 aýda azyk kömeginiň berilýändigini aýdn Musa Abten: “Sistan-Belujistan Ymam ýardam komiteti 12 müň 897 bäbege kömek berýär. Her bäbege aýda 92 müň tümenlik (6 dollar) azyk kömegi berilýär” diýip habar berdi.


Etiketkalar: #Eýran , #bäbek , #iýmitlenmek

Degişli Habarlar