Mawritaniýa Palestina meselesiniň çözülmegine uly ähmiýet berýär

Abdulaziz kärdeşi Erdogan bilen birnäçe mesele barada pikir alyşandygyny gürrüň berdi

920537
Mawritaniýa Palestina meselesiniň çözülmegine uly ähmiýet berýär

Mawritaniýanyň Prezidenti Muhammed Weled Abdulaziz resmi sapar bilen ýurduna gelen Prezident R. T. Erdogan bilen bolan duşuşygynda Palestina meselesiniň çözülmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Abdulaziz kärdeşi Erdogan bilen birnäçe mesele barada pikir alyşandygyny gürrüň berdi.

Özara duşuşykda Palestina meselesini barada hem pikir alyşandyklaryny aýdan Abdulaziz “Biz palestina meselesiniň halkara kararlaryň çäginde adalatly ýagdaýda çözülmegine goldaw berýäris. Şol kararlar Palestinanyň halkynyň paýtagty Iýerusalim bolan özbaşdak Palestina döwletini gurmak hukugyny berýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar