Ýemende 7 million adama açlyk howpy abanýar

BMG-nyň internet saýtynda berlen habarnamada dünýade iň uly adamzat pajygasyndan biriniň Ýemende başdan geçirilýändigi nygtaldy

783130
Ýemende 7 million adama açlyk howpy abanýar

Habarnamada 5 ýaşyna ýetmedik 2,3 million çaganyň hem ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigi bellenildi.

BMG-nyň habarnamasynda Ýemende halkyň 2/3 böleginiň arassa agyz suwyndan we saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mahrumdygy ýatladyldy.

Habarnamada içerki uruş sebäpli 3 milliondan gowrak adamyň başga ýurda gidendigi, 2 million adamyň hem ýurduň içinde has howpsyz ýere göçendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar