Wenesuelanyň Prezidenti ABŞ-ny günäkärledi

Wenesuelanyň Prezidenti Maduro ABŞ-ny Wenesuela garşy agdarlyşyk başlatmak islemek bilen günäkärledi

716394
Wenesuelanyň Prezidenti ABŞ-ny günäkärledi

Ispaniýanyň EFE habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ABŞ-nyň Daşary işler minstrliginiň sişenbe güni çap eden habarnamasynda Wenesuela garşy agdarlyşyk yglan edendigini we şol habarnamany ýurtda haos döretmek üçin bir katalog hökmünde ulanjakdygyny nygtady.

Maduro: "ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi agdarlyşykçy etap bilen Wenesuelanyň içerki işlerine goşulmak isleýär. Men buny üýtgetmän aýdýaryn we şolar ýaly hem garşylyk görkezerin" diýdi.

Maduro mundan başgada ABŞ-nyň bular ýaly herekete girişmeginiň geosyýasy sebäpleriniň bardygyny belledi.

 



Degişli Habarlar