Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Ýewraziýa Syn

2141094
Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýýarto Özbegistana sapar etdi. Ministr Siýýarto Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Wengriýanyň Daşary işler ministri Siýýarto Özbegistan-Wengriýa Hökümetara Toparynyň maslahatyna gatnaşdy. Özbegistan Ýewropa ýurtlaryndan geljek maýa goýumlar üçin ýörite erkin ykdysady zolak döredýär.

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Wladimir Putin kasam edip, 5 gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişdi. Putin 6 ýyl işlär. 10-njy maýda Duma tarapyndan tassyklanan Mihail Mişustin gaýtadan Russiýanyň Premýer-ministrligine bellendi.

2024-nji ýylyň 9-njy maýynda Mowkada Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiniň 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Kubanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň liderleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäginde köp sanly özara duşuşyklar geçirildi. Şol gün liderler Ýeňiş baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdylar. 9-njy maý Ýeňiş baýramyna bagyşlanan dabara Türkmenistanyň we Gagawuziýanyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.

Üstümizdäki aýyn 10-11-i aralygynda Almaty şäherinde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyklar hakynda berilen beýannamada taraplaryň arasynda düşnüşmezlikleriň bardygy, çözgüde garaşýan meseleler boýunça geňeşmeleriň dowam etdirilmegi hakynda ylalaşylandygy habar berildi. Ýerewanda ermeni oppozisiýa Azerbaýjan bilen ýaraşyk gepleşikleriniň geçirilmegini protest edýär.

2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Bakuwda Halkara türki akademiýa tarapyndan Türk dünýäsiniň umumy elipbiý toparynyň 2-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan, Özbegistandan we Türkiýeden bilermenler gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň 7-8-nji maýynda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä resmi sapar gurady. Asadow ilki Kahramanmaraşa baryp, Azerbaýjan tarapyndan ýer titremeden ejir çekenler üçin gurdurylýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen tanyş boldy. Premýer-ministri Ali Asadow 8-nji maýda Ankarada Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul edildi.  Asadow we Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkiýe-Azerbaýjan Bilelikdäki ykdysady toparyň 11-nji maslahatyna ýolbaşçylyk etdiler. Ýylmaz we Asadow Türkiýe-Azerbaýjan Işewürler maslahatyna gatnaşyp, çykyş etdiler.

8-nji maýda Bolgariýanyň Premýer-ministri Rumen Radew Azerbaýjana sapar etdi. Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Radewi resmi dabara bilen garşylady. Geçirilen gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi boýunça bilelikdäki jarnama gol çekildi.

Nikol Paşinýan Moskwada mahaly Ermenistanyň Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasy bilen gatnaşyklaryny gowşadandygy, gurama şu ýyl maliýe tölegini tölemändigi hakynda Ýerewandan beýannama berildi.

Gruziýanyň Mejlisi 2024-nji ýylyň 1-njimaýynda “Daşary ýurtly içaly” taslamasyny kabul etdi. Şol günden bäri oppozisiýa kanunyň bes edilmegi üçin mitingler geçirýar. Gruziýada we Ermensitanda günbatar bilen Russiýanyň çekeleşigi güýçlenýär.



Degişli Habarlar