Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary

Hepdäniň Syny

2132505
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary

Prezident R. T. Erdogan diýseň ynjyk döwürde Yraga möhüm gurady. Prezident Erdogan 22-nji aprelde guran saparynyň çäginde Bagdatda we Erbilde möhüm duşuşyklar geçirdi. Galkynyş ýoly taslamasyndan, terrora garşy göreş ýaly birnäçe mesele boýunça şetnama baglaşyldy. Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk taýdan aýgytly ädim ädildi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Iki goňşy ýurt Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişine ser salnanda durnuksyzdygyny görmek bolýar. Esasan Yragyň içinde başdan geçirlen çaknyşyklar we güýç göreşleri bu meselede esasy rol oýnaýar. Emma soňky aýlarda iki ýurduň arasynda özara bähbide laýyklykda strategik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edilýär. Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan bu täze etapda ministrler we beýleki ýolbaşçylar derejesinde taraplaryň arasynda birnäçe gezek duşuşyk geçirildi. Şol duşuşyklarda Prezident Erdoganyň 22-nji aprelde Yraga guran möhüm saparynyň öňüsyrasynda gatnaşyklaryň gelejegi ara anlyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň Prezident Erdoganyň saparynyň öňüsyrasynda beren beýannamalary sapardan garaşylýan netijäni has-da artdyrdy.

Yrak tarapyndan içgin garşylanan Prezident Erdogan, Yragyň Prezidenti Abdullatif Reşid we Premýer-ministri Muhammed Şiýa Sudany bilen möhüm duşuşyk geçirdi. İki çäk duşuşyklardan soň Bagdatdaky hökümet binasynda toparara gepleşikler geçirildi.

Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 26 şertnama baglaşyldy. Şertnamalara gol çekişlik dabarasyndan soň Prezident Erdogan bilen Premýer-ministr Sudani metbugata beýannama berdi. İki tarap hem gepleşikleriň netijeli geçendigini we strategik hyzmatdaşlygyň başladyljakdygyny beýan etdi. Bu mesele boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin strategik çarçuwa şertnamasynyň baglaşylmagy diýseň möhüm. Şol şertnama howpsuzlyk, terrora garşy göreş, söwda, ykdysadyýet, suw we bilim ýaly ugurlary öz içine alýar.

Yragyň Premýer-ministri Sudani beýannamasynda “Yragyň topraklaryndan başga bir ýurda hüjüm guralmagyna rugsat bermeris” we “Yragyň we Türkiýäniň howpsuzlygy bölünmez bitewidir” diýdi. Premýer ministr Sudani, mundan başgada “Türkiýäniň we Yragyň durnuklylygynyň ýola goýulmagy üçin howpsuzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Türkiýe, Yragyň terror guramasy PKK-a garşy täsirli göreş alyp barmagyna garaşýar we bu mesede uly öňe gidişligiň edilip bilinjekdigi nygtalýar. Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy İbrahim Kalynyň guran saparlaryndan soň geçirlen Howpsuzlyk mehanizmi gepleşikleriniň netijesinde PKK, Yrak tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna degişli edilipdi. Prezident Erdoganyň sapary we Sudaniniň degişli beýannamalary bu etabyň netijeli boljakdygyny görkezýar.

Terror guramalaryna garşy göreş bilen birlikde iki ýurduň hem strategiýa taýdan uly ähmiýet berýän Galkynyş ýoly taslamasy boýunça ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişilmegi hem diýseň möhüm. Özara bähbide esaslanýan bu taslama Pars aýlagyndan Türkiýä çenli geljek gara we demir ýoly toryny öz içine alýar. Galkynyş ýoly taslamasy sebit ýurtlary taýdan hem diýseň möhüm.

Prezident Erdoganyň Yrakdaky ähli etniki we messep toparlaryny deň derejeli we ählisini dogan hökmünde görýändikleri hakyndaky beýannamasy hem diýseň möhümdi. Türkiýe, Yrakda etniki we messep deňagramlylygynyň goralyp saklanmagyna we Yragyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Prezident Erdogan mundan başgada Bagdat bilen Yragyň Kürt Awtomoniýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň we türkmenleriň hak-hukuklarynyň goralyp saklanmagynyň Yragyň durnuklylygy taýdan diýseň möhümdigini nygtady.

Prezident Erdoganyň ikinji duralgasy bolsa Erbil boldy. Erdogan howa menzilinde Neçirwan Barzani we Mesrur Barzani tarapyndan garşylandy. Prezident Erdogan Erbile guran saparynyň çäginde Neçirwan Barzani we Mesrur Barzani bilen birlikde Kürdistan Demokrat partiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen hem duşuşdy. Taraplar 2016-njy ýyldan soňky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Sapar esasan Kürdistan Demokrat partiýasynyň, Kürdistan Ýurtsöýerler bileleşiginiň, terror guramasy PKK we Bagdatdaky käbir toparlar tarapyndan basyş astyna alynan döwründe Türkiýäniň Kürdistan Demokrat partiýasyna berýän goldawyny görkezmeg, taýdan hem diýseň möhümdi.

Türkiýe, terror guramasy PKK-a garşy giň gerimli gury ýer operasiýasyna taýarlanýar we Kürdistan Demokrat partiýasynyň hem operasiýa berýän goldawyny has-da artdyrmagyna garaşylýar. Erdoganyň saparynyň çäginde Kürdistan Demokrat partiýasy bilen PKK-nyň arasyndaky gatnaşyklar meselesi hem seljerildi. Türkiýäniň Kürdistan Demokrat partiýasy bilen terror guramasy PKK-nyň arasyndaky gatnaşyk dowam eden halatynda degişli çärleri görmegi meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jemläp aýdanymyzda Erdoganyň Yraga ynjyk döwürde guran sapary iki ýurt taýdan hem öwrülşik nokady bolar. Terrora garşy göreş, Galkynyş ýoly taslamasy, söwda mukdarynyň artdyrylamgy we suw meselesi ýaly ugurlar uly öňe gidişligiň edilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar