Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar

Ýewraziýa syn

2115964
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Bolgariýanyň Halk Mejlisiniň Başlygy Rosen Želýakow Azerbaýjana resmi sapar etdi. Želýakow Bakuwda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyklar geçirdi.

Üstümizdäki aýyň 4-de Aşgabat şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşky gurşaw ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda ýaşyl ykdysadyýet, serhetaşa suw çeşmelerinden peýdalanmak, howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklar ýaly meseleler seljerildi. Soň ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Maria Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Geçen aý Gazagystanyň Premýer-ministrligine saýlanan Olžas Bektenow ilkinji daşary ýurt saparny Russiýa Federasiýasyna gurady. Premýer-ministri Bektenow Moskwa guran iş saparynda Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşdy. Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary geçen ýyl rekord goýup, 28 milliard dollara ýetipdi. Olžas Bektenow mart aýynda Özbegistana sapar etjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 5-nji martda Azerbaýjana sapar etdi. Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşan Mişustin, 6-njy martda Prezident Aliýew tarapyndan kabul edildi. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda medeniýet, syýahatçylyk, ulaglar we gümrük geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrymagy hakynda ylalaşyklara gol çekişildi.

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Gagawuziýanyň Prezidenti Ýewgeniýa Gutul Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Ýewgeniýa Gutul Putinden özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin goldaw sorady. Gutul mundan ozal Russiýanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşypdy. Mälim bolşy ýaly Gutulyň resmi Kişinýew bilen gatnaşyklary gowy däl.

7-nji martda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Saud Arabystanynyň Energetika we maýa goýumlar ministri Halid bin Abdulaziz Al Falihi kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum mümkinçilikleri seljerildi. Duşuşykda iki ýurduň arasynda ýel energiýasynyň bekediniň gurulmagy boýunça şertnama baglaşyldy.

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Gyrgyzstanyň Prezident Sadyr Japarow Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Welid Al-Hureýşini kabul etdi. Duşuşykda Gyrgyzstan-Saud Arabystany gatnaşyklary bilen bagly meseleler seljerildi. Prezident Japarowyň Saud Arabystanyna resmi sapar gurajakdygy beýan edildi.

Mongoliýanyň Mejlisiniň Başlygy Zandanşatar Gombožaw Gyrgystandan soň Wengriýa resmi sapar gurady. 7-nji martda Budapeştde Mongoliýanyň Mejlisiniň Başlygy Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Lazlo Kower bilen duşuşdy.

Wakalardan hem mälim bolşy ýaly türki dünýäniň syýasatdaky pozisiýasy güýçlenýär. Mongoliýa türki döwletler bilen gatnaşyklaryny täze derejä götermekde ygrarly görünýär. Saud Arabystanynyň türki döwletlerdäki maýa goýumlary artýar. Gagawuziýanyň daşary ýurtlardaky esasy daýanjy Russiýa we Türkiýe Respublikasy. Premýer-ministrleriň saparlaryndan hem görülşi ýaly Ýewraziýa ýurtlarynyň öz aralaryndaky hyzmatdaşlyk hem ösýär.



Degişli Habarlar