Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

Ýewraziýa syn

2113014
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Wengriýanyň Mejlis ýurduň täze prezidenti hökmünde Tamas Sulýogy saýlady. Tamas Sulýok 2024-nji ýylyň 5-nji martynda Wengriýanyň 7-nji Prezidenti hökmünde kasam edip wezipesine başlady. Tamas Sulýuk Wengriýanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi. Wengriýanyň ozalky prezidenti Katalin Nowan 2024-nji ýylyň 10-njy fewralynda wezipesinden çekilipdi.

Mongoliýa Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy Zandanşatar Gombožaw 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Gyrgyz Respublikasynda saparda boldy. Zandanşatar Gombožaw resmi saparynyň çäginde paýtagt Bişkekde gyrgyz kärdeşi Nurlanbek Şakiýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we Premýer-ministri Akylbek Japarow bilen duşuşdy. Mongoliýanyň Mejlisiniň başlygy Zandanşatar Gombožaw Gyrgyz Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy Nurlanbek Şakiýewi Ulanbatorda geçiriljek Trans-Altaý forumyna çagyrdy. Saparyň çäginde geçirlen gepleşikler netijesinde Mongoliýanyň Mejlisi bilen Gyrgyz Žogorku Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Mejlisiň başlygy Zandanşatar Gombožaw Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen bolan duşuşygynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagaýin Hýulrelsýuhyň hatyny gowşurdy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Çaparow geçen ýyl Mongoliýada saparda bolupdy we Gyrgyzstanyň Ulanbatorda ilçihanasy açylypdy. Premýer-ministr Japarow bilen Mejlisiň başlygy Gombožawyň arasynda geçirlen gepleşikler netiwesinde iki ýurduň arasynda 5 şertnama baglaşyldy.

2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Bişkekde Gyrgyztsan-Türkiýe işewürler maslahaty geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Gyrgyzstanyň Premýer-ministri Akylbek Japarow bilen Türkiýeden 60 adamlyk işewürler topary gatnaşdy. Iki ýurduň arasynda geçirlen gepleşiklerde 2,7 million dollarlyk şertnama baglaşylandygy nygtaldy.

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Energetika şurasynyň 2-nji, Günorta tebigy gaz geçelgesi şurasynyň hem ministrler derejesindäki 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, ÝB-niň ýolbaşçylary we degişli ýurtlaryň ministrleri gatnaşdy. Prezidenti Ilham Aliýew bilen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama maslahatyň çäginde özara duşuşyk geçirdi. Azerbaýjan bilen Albaniýanyň arasynda wiza ulgamynyň bes edilendigi habar berildi.

2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-3-i aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň hemaýatkärliginde 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumy geçirildi. “Çökgünlikler döwründe diplomatiýany ileri tutmak” temasy bilen geçirlen foruma 100-den gowrak ýurtdan 4 müňden gowrak adam gatnaşdy. Foruma Ýewraziýa ýurtlarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Foruma DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy. Forumyň çäginde özara duşuşyklar geçirildi. Prezident R. T. Erdogan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyndan soň iki ýurduň arasynda 3 şertnama baglaşyldy.



Degişli Habarlar