Russiýa-Ukraina Urşuna 2 Ýyl Doldy

Hepdäniň Syny

2109659
Russiýa-Ukraina Urşuna 2 Ýyl Doldy

Russiýanyň Ukraina garşy basyp alma synanşygyna we soň dowam eden çaknyşyklara 2 ýyl doldy. Yza ser salanymyzda iki ýurda hem agyr zeper ýetiren söweş we islenen netijäniň alynmazlygy, sebitleýin çökgünlik we çykgynsyzlyk bar. Emma ruslar soňky günlerde meýdanda üstünligi ele almaga başlan bolsa, günbatar üçin indi karar pusady gelip ýetdi. Ýa Ukrainany ikirjiňsiz goldarlar ýa-da Russiýanyň ýeňişi bilen ýüzleşmeli bolarlar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Mundan 2 ýyl ozal Russiýanyň ýörite operasiýa bilen Kiýewi alyp, häkimiýeti agdarmak üçin Ukraina başladan hüjümi netijesiz bolandan soň, basyp alyşa öwrüldi. Emma rus goşunynyň ejizligi, Ukrainanyň goşunynyň garaşylmadyk göreşi we milletçi duýgular bilen birleşende, basyp alyş yza serpikdirildi. Esasanda günbatar ýurtlarynyň ýokary harby goldawy bilen ruslar basyp alan ýerleriniň esasy böleginden çekilmeli boldular. Emma Russiýa taryhda birnäçe gezek görülşi ýaly geografik giňlik, tebigy baýlyklary we adam güýji bilen söweşi ýene-de öz bähbidine öwürmegiň hötdesinden geldi. Esasanda soňky aýlarda ukrain goşunyna berilýän daşarky kömek azalan bolsa, adam serişdeleri taýdanda-da Putiniň rus goşunynda gözegçilik-gönükdiriş düzümini üýtgetmegi, mobilizlenme karary bilen personal sanyny artdyrmagy we elbetde goranyş senagatynyň önümçilik ukybynyň artdyrylmagy uly netije berdi.

Şol çäkde üýtgän harby dinamikalar söweş meýdanynda hem özüni görkezmage başlady. Esasanda ruslaryň Donbassyň strategik ähmiýetli Awdiýewka şäherini almagy, şertleri hasam agyrlaşdyrdy. ABŞ-da Kongress bilen Ak Tamyň arasynda başdan geçirilen göreş Ukraina berilýän kömegiň saklanmagyna sebäp bolan bolsa, Ýewropa döwletleriniň hem ukyp hem-de syýasy ygtyýar taýdan pes bolmagy sebäpli Ukrainany Russiýa garşy ýeterlik goldamaýandygy görülýär. Ruslar bolsa tersine söweş ykdysadyýetini iş ýüzüne geçirip, serişdelerini esasan uruş üçin mobilizlemäge başlandan soň netije aldy we tapgyrlaýyn görnüşde hem bolsa fron liniýasynda üstünligi ele aldy.

ndi Ýewropa döwletleri howpa göz ýetirip, işe girişmäge başladylar. Germaniýanyň we Fransiýanyň başda durmagyndaky döwletler Britaniýa bilen utgaşykly hereket edip, Ukrainany has güýçli goldamagyň ýoluny tapmaga çalyşýar. Emma garşylarynda uly güýç bolan Russiýa bar. Söweşe iki ýyl dolan bolsa, Ukraina agyr ýitgi çekip, şertleri günsaýyn agyrlaşýan ýurda öwrüldi. Şeýlelikde günbatar üçin karar pursady gelip ýetdi. Gysga möhletde öz aralaryndaky düşnüşmezligi çözüp, ABŞ bilen bilelikde has güýçli ýagdaýda ukrain goşunyna we ykdysadyýetine goldaw bermeli bolarlar. Diňe şeýle bolanda Russiýanyň hüjümleriniň öňi alynar we gaýtadan yza çekilmäge mejbur bolar. Eger şeýle bolmasa ruslaryň Ukrainadaky ýeňişi orta möhletde gury ýer Ýewropasyna uly howp salar we geosyýasy bölünşige sebäp bolup biler.

Elbetde Russiýanyň bu ýenişinden iň bähbitli paýy alçak ýurt Hytaý bolar. Günbatar bilen dowam edýän güýç çekeleşiginde ýarany Russiýa bilen bilelikde öňe saýlanar.


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar