Ysraýyl Gaza garşy rehimsiz hüjümlerini dowam etdirýär

Hepdäniň Syny

2068728
Ysraýyl Gaza garşy rehimsiz hüjümlerini dowam etdirýär

7-nji oktýabrdan bäri birnäçe hepde geçdi. Emma Ysraýyl Gaza garşy rehimsiz hüjümlerini dowam etdirýär. Gurşaw astyna alynan 350 inedördül kilometrlik zolakda 2,5 milion adam gysylyp galdy. Howadan we gury ýerden dowam edýän hüjümlerde häzirki wagta çenli 13 müňden gowrak palestinaly ýogaldy. Şolaryň esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat. Dünýäniň gözüniň öňünde genosid edilýän hem bolsa, günbatar ýurtlarynyň hökümetleri Ysraýyla goldawyny dowam etdirýär. Emma global wyždan hereketiniň güýçlenendigini, Ysraýyla we edýän jenaýatlaryna garşy ýönekeý adamlaryň hem gazaplanýandygyny görmek mümkin.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýylyň Gaza hüjümleri dowam edýär. Uzak ýyllardan bäri gabaw astynda bolan şäher, 7-nji oktýabrdan soň howa hüjümlerine sezewar bolan bolsa, Ysraýylyň goşunlary gury ýerden Gazany demirgazyk we günorta görnüşinde 2 sektora böldi. Demirgazyk sektorunda gury ýerden hüjümleri güýçlendiren Ysraýyl, ol ýerdäki garşy güýji ýok etmek isleýär. Emma häzirki wagta çenli harby taýdan üstünlik gazanandygyny aýtmak mümkin däl. Hamasa tabynlykdaky Kassam we beýleki kiçi söweşjeň toparlar ilatly ýerlerde Ysraýylyň goşunyna garşy assimmetriki güýç faktorlary hökmünde güýçli garşylyk görkezýän bolsa, Ysraýyl köp sanly tankyny we sowutly ulagyny ýitirdi. Köp sanly Ysraýyl esgeri hem çaknyşyklarda ýogaldy. Ysraýyla garşy azalan hem bolsa raketa atyşlary dowam edýär.

Ysraýylyň operasiýa meýilnamasy we strategiýasy boýunça näbellilik dowam edýär. Demirgazykda isleýän netijesini alandan soň günorta gönükjekdigini görkezýän alamatlar hem bar. Emma oňa güýjüniň ýetip, ýetmejekdigi näbelli. Günbatardan gündogara, demirgazykdan günorta, bütin dünýäde adaty adamlar köçelerde Ysraýyla gazaplanýar, emma dünýäniň gözüniň öňünde aç-açan gyrgynçylyk edilmegi uly nägilelik döredýär. Ol öňü-soňy günbatardaky hökümletlere hem täsirini ýetirer we olaryň syýasatynda öz beýanyny tapar.

Ysraýyl Gazada öz adyna harby taýdan üstünlik gazanar ýa-da gazanmaz, emma ondan garaşsyz orta we uzak möhletde esasy utduran bolar. Global wyždany ýaralan bu hereketleri, gyrgynçylyk tagallalary adamlaryň wyždanynda häzirden dara çekildi.



Degişli Habarlar