Gresiýada 25-nji iýunda bir aýyň dowamynda ikinji gezek saýlaw geçirler

Hepdäniň Syny

2004610
Gresiýada 25-nji iýunda bir aýyň dowamynda ikinji gezek saýlaw geçirler

Gresiýa 25-nji iýunda bir aýyň dowamynda ikinji gezek saýlaw geçirer. Sowalnamalara görä bu saýlawda-da konserwatiw Täze demokratiýa partiýasy öňde barýar we bu gezek ýekelikde hökümeti gurjak köplüge eýe bolma ähtimallygy ýokary. Gresiýada saýlawda “güýçlendirilen saýlaw ulgamynyň” güýje girjekdigi üçin Täze demokratiýa partiýasy üçin amatly şertler bar. Şonuň bilen bilelikde 25-nji iýundaky saýlawda türk azlyk içerki syýasy çekeleşigiň serişdesine öwrüldi. Türkleriň azlyk hukuklaryna garşy dowam edýän diskussiýa sözüň doly manysynda aladalandyryjy.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gresiýa 25-nji iýunda 2-nji gezek geçiriljek saýlawda konserwatiw Täze demokratiýa partiýasy güýçlendirilen saýlaw ulgamy arkaly bu gezek ýekelikde häkimiýeti aljak köplüge eýe boljaga meňzeýär. Bäsdeşi Syryza ýaly beýleki partiýalar has yzda görünýärler. 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen saýlawda Syryzanyň ses mukdary azalyp, Täze demokratiýa partiýasyndan yzda galypdyr. Gresiýanyň ähli dolanşyk sebitlerinde Syryzanyň birinji partiýa hökmünde ses alan ýeri Komatini we Şapi ýaly türk ilatynyň köplükde ýaşaýan şäherleriniň ýerleşýän Rodop welaýatydy.

Şol çäkde Gresiýada dowam edýän içerki syýasy çekeleşikde türkler nyşana öwrüldi. Esasanda Täze demokratiýa partiýasy türkler we degişli dalaşgärler arkaly bäsdeş partiýalaryny nyşana alýar. Premier-ministr we häkimiýetiň başyndaky Täze demokratiýa partiýasynyň lideri Kirýakos Mikotakis Türkiýäniň Gresiýadaky parlament saýlawlaryna goşulyşýandygyny öňe sürüp, Komatinidäki türk Baş konsullygynyň oppozisiýadaky Syryzanyň iki türk dalaşgäri üçin kampaniýa alyp barandygyny öňe sürdi. Syryzanyň lideri Aleksis Çiras bolsa häkimiýet tarapyndan tankyt edilýän türk halk deputatlary Hüseýin Zeýbege we Özgür Ferhada sanawynda birinji orundan ýer berip, Mikotakisiň türk azlygyndan saýlawda öz bähbidi üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny we onuň iňňän howpludygyny beýan edipdi. Täze demokratiýa partiýasy 21-nji maýdaky saýlawda sesleriň 40-dan gowragyny almagyň hötdesinden gelipdi. Emma Günbatar Frakiýa türkleriniň köplükde ýaşaýan Rodop welaýaty partiýanyň köplüge eýe bolmadyk ýeke-täk ýeri hökmünde ünsleri çekipdi. Täze demokratiýa partiýasy şol çäkde Rodopdaky netijäniň Türk başkonsullygynyň Syryzanyň türk dalaşgärlerine berýän goldawyndan gelip çykýandygyny öňe sürüp, hamala diýersiňiz azlyga degişli türkleri nyşana goýdy. Syryzanyň bolsa Günbatar Frakiýa türk azlygy boýunça pozisiýasy Täze demorkatiýa partiýasyndan tapawutlanýar. Türk azlygynyň meselelerine has ünsli çemeleşýändigi üçin türk tarapdary ýaly görkezilmäge çalyşylýar.

Gresiýada türk azlygy

Türkiýäniň we Gresiýanyň tarap bolup durýan ylalaşyklaryna laýyklykda Günbatar Frakiýadaky türk ilaty iki ýurduň arasyndaky mejbury ilat çalşygyna degişli edilmändi. Şol çäkde häzirki wagtda Günbatar Frakiýada sanlary ýüzlerçe müňden geçýän musulman türk alygy ýaşaýar. Günbatar Frakiýa geografik taýdan Rodop, Ksanti we Ewros welaýatlaryny öz içine alýar. 1923-nji ýyldaky Lozanna ýaraşyk şertnamasy bilen Günbatar Frakiýa türk jemaýatyna “azlyk” derejesi berilýär. Emma türk-grek gatnaşyklaryna laýyklykda grek hökümetiniň Günbatar Frakiýadaky türk azlygynyň agzalarynyň “azlyk hukuklary” boýunça uly kynçylyklary başdan geçirmage dowam edýärler. Esasanda bilim we dini azatlyklar boýunça bu mesleleri görmek mümkin. Grek hökümeti “türk azlygy” kesgitlemesiniň Lozanna ýaraşyk şertnamasynda ýokdugyny öňe sürüp, azlygyň etniki şahsyýetini kesgitleme hukugyny Kabul etmeýär. Esasanda Lozanna şertnamasynň “Azlyklaryň goralmagy” bilen bagly maddalarynda “musulman” sözi ulanylan hem bolsa, ylalaşygyň beýleki hökümlerindäki “türk” sypatyndan we Maslahatyň belliklerinde bar bolan beýanlardan çalşyga degişli edilmedik Günbatar Frakiýadaky azlygyň agzalarynyň türkdigi aç-açan görülýär. Günbatar Frakiýa türkleri soňky saýlawda bolşy ýaly ýygy-ýygydan içerki syýasy diskussiýalaryň we çekeleşikleriň serişdesine öwrülýär hem-de türkler nyşana alynýar. Gresiýaly syýasatçylaryň ünsli çemeleşmekleri, türk azlygynyň hukuklaryna sarpa goýmaklary we içerki syýasata serişde etmekden el çekmekleri gerekdir.


Etiketkalar: #azlyk , #Gresiýa , #saýlaw

Degişli Habarlar